Soňky habarlar

Arhiw

«Çeburaşka» rus prokatynyň taryhynda iň köp toplan film boldy

10:5911.01.2023
0
23968
«Çeburaşka» rus prokatynyň taryhynda iň köp toplan film boldy
Surat: rg.ru

Russiýaly režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» atly täze maşgala komediýasy ýerli kinoprokatyň bütin taryhynda iň köp kassa ýygymyny toplan film boldy. Ol bu ugurda Klim Şipenkonyň «Hyzmatkär» («Holop») atly filminden hem ozdurdy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykan «Çeburaşka» häzirki güne çenli 3 milliard rubldan gowrak kassa ýygymyny toplady. «Hyzmatkär» filminiň kassada gazanan girdejisi bolsa 3 milliard 82 milliondan gowrak boldy.

«Çeburaşka» bu görkezijä ýetmek üçin prokata çykan ilkinji on güni ýeterlik boldy.

Ýeri gelende aýtsak, täze maşgala filmi ilkinji görkezilen güni 226,4 million rubl gazandy. Üçünji hepdede onuň kassa ýygymy 1,5 mlrd rubldan geçdi diýlip, habarda aýdylýar.

Deňiz ýakadaky şäherleriň birinde Çeburaşkanyň täze başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän filmde baş keşpleri görnükli rus aktýorlary Sergeý Garmaş, Ýelena Ýakowlewa, Polina Maksimowa, Fýodor Dobronrawow we beýlekiler ýerine ýetirdiler.

Baş keşbe aktrisa Olga Kuzmina ses berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň