Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň we Hytaýyň uniwersitetleri hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam goýýar

12:2710.01.2023
0
26909

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa ilkinji saparynyň çäklerinde gol çekilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama laýyklykda, taraplar bilelikdäki işleriň uly toplumyny göz öňünde tutýarlar. Bu barada türkmen uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda nygtady.

Makalada ýazylyşy ýaly, taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklaryň çäklerinde iki döwletiň kanunçylygyna, şeýle-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürerler. Onda professor-mugallymlary we edara ediş-dolandyryş işgärlerini deň şertlerde alyş-çalyş etmek; professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda talyplar üçin okuw sapaklaryny wideoaragatnaşyk arkaly guramak; okuw-kadalaşdyryjy resminamalary, şol sanda okuw-usuly edebiýatlaryny alyşmak esasynda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetini ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Şeýle-de resminama laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, deň şertlerde talyplary alyş-çalyş etmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersiteti Hytaýyň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň biri bolup, ol hytaý diplomatlaryny taýýarlamaga ýöriteleşdirilendir. Talyplara daşary ýurt dilleriniň 100-den gowragy öwredilýän bu bilim ojagynda türkmen dilini öwrenmäge-de uly gyzyklanma bildirilýär. Şu nukdaýnazardan, 2019 ― 2020-nji okuw ýylynda TDU-nyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň degişli mugallymynyň bu ýokary okuw mekdebinde türkmen dili mugallymy bolup işländigini hem aýtmak gerek. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hytaý dili boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işiniň alnyp barylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesiniň hytaý diline ýöriteleşdirilmegi Türkmenistanda-da bu dostlukly ýurduň taryhyna, medeniýetine, ykdysady gazananlaryna aýratyn gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň