Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

23:2009.01.2023
0
18509

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-Eýran komissiýasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy. Gün tertibinde ýangyç we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri hem bar.

DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gadymy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek ugrunda ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň