Ronaldu dünýäniň iň kän hak tölenýän futbolçysyna öwrülýär

23:2701.01.2023
0
56059

«Al-Nasryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu mahabat girdejileri bilen bilelikde her möwsümde 200 million ýewro hak alar. Bu bolsa ony futbolyň taryhynda iň kän hak tölenýän futbolça öwrer diýip, «Marca» neşiri ýazýar.

37 ýaşly superýyldyzyň diňe klubdan aljak haky ýyllyk 100 milliondan sähel azyrak bolar. Beýleki tölegler bolsa söwda şertnamalary arkaly geçiriler.

Portugaliýaly hüjümçi täze kluby bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Soňra Ronaldu 2030-njy ýyla çenli Dünýä çempionaty ― 2030-y kabul etmek üçin Saud Arabystanynyň ilçisi bolup işlär.

Ronaldunyň geçen ýylyň noýabr aýynda «Mançester Ýunaýted» bilen şertnamasyny ýatyrandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň