Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dagystanda kaspiý düwleni üçin dikeldiş merkezini açmakçy bolýarlar

10:5330.12.2022
0
22486
Dagystanda kaspiý düwleni üçin dikeldiş merkezini açmakçy bolýarlar
Surat: redbook.su

Ekologik başlangyçylary goldamak we ösdürmek boýunça «Kompas» gaznasy Dagystanyň döwlet uniwersitetiniň Ekologiýa we durnukly ösüş instituty bilen bilelikde kaspiý düwlenini goramak boýunça toplumlaýyn maksatnamany döretmekçi bolýar. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» ýazýar.

Deňiz jandarlaryny halas etmek ugrunda çäreleriň biri olaryň saglygyny dikeldiş merkezini açmakdyr diýlip, gaznanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ekologlar we alymlaryň işläp düzen bu maksatnamasynda «Gyzyl kitaba» girizilen jandaryň sanynyň kemelmeginiň öňüni almak meýilleşdirilýär, sebäbi düwlenler Kasipý deňziniň ekoulgamynda möhüm orny eýeleýärler. Taslamanyň çäginde şeýle-de keselli we balykçylaryň toruna düşüp ýaralanan düwlenler üçin dikeldiş merkezini döretmekçi bolýarlar.

Maksatnamany amala aşyrmak üçin ýerli balykçylarydyr meýletinçi talyplar işe çekiler. Ylmy - barlag işleri geljek ýylyň ýanwarynda başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň