Soňky habarlar

Arhiw

Nýuşa Aşgabatdaky konsertden soň duýgularyny paýlaşdy

12:2229.12.2022
0
50736

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň meýdançasynda rus estrada aýdymçysy Nýuşanyň konserti geçirildi. Oňa 8 müňden gowrak janköýer ýygnady. Konsertden soň Anna Şuroçkina öz täsirleri bilen paýlaşdy.

«Ikinji gezek uly konsert bilen Aşgabat şäherine gelýärin. Iň myhmansöýer şäherleriň biri, hemme zat ajaýyp, tomaşaçylar juda mähirli. Elmydama siziň öňüňizde uly höwes bilen çykyş edýärin we ajaýyp mukdarda sowgatlar bilen gidýärin» diýip, aýdymçy sosial ulgamlarda ýazdy.

Nyuşa, şeýle hem, aşgabatly diňleýjilerine söýgi üçin minnetdarlyk bildirdi we ýene ýakynda duşuşmaga umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň