Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek ugrundaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy tassyklady. Bu barada «Trend» ýurduň Prezidentiniň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Resminama Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň heläkçilikleriň we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmekde birek-birege ýakyndan ýardam bermeklerine gönükdirilendir. Şeýle hem ol taraplara adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak, ilaty howplardan goramak we herekete taýýarlamak boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.
Resminamada Ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriň bilim edaralarynda raýat goragy boýunça hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.
Ozal bu resminamany Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň tassyklandygyny hem-de ýurduň Prezidentine hödürländigini habar beripdik.