Zehinli azerbaýjan aýdymçysy JONY Täze ýyl konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna geldi.
Ony Aşgabat Halkara howa menzilinde ýurduň Medeniýet ministrliginiň wekilleri hem-de aýdymçynyň muşdaklary garşy aldy.
Ýeri gelende, azerbaýjan aýdymçysynyň Türkmenistana ilkinji sapar gelýändigini bellemek gerek.
JONY 27-nji dekabrda sagat 19:00-da Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda konsert berer.
Daşary ýurtly estrada aýdymçysy JONY-nyň Aşgabat Halkara howa menziline gelen pursatlarynynyň wideoreportažyny şu ýerden görüp bilersiňiz.
- Jony Aşgabada geldi / Wideoreportaž