Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna gitdi.
«MIR 24» teleýaýlymlarynyň habar bermegine görä, Sankt-Peterburgda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti öz işine başlady.
Sammite rus Lideriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew, Belarusyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Aleksandr Lukaşenko we Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Emomali Rahmon hem-de Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar.
Duşuşygyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň resmi däl sammitiniň ýurtlaryň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň umumy gyzyklanma bildirilýän halkara derejesindäki birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.