Soňky habarlar

Arhiw

«NurAý» dükany ýüpek halylaryň we haly suratlaryň toplumyny hödürleýär

10:0625.12.2022
0
19632

Aşgabatdaky «NurAý» dükany tebigy ýüpekden we ýüňden taýýarlanan el halylarynyň hem-de haly suratlarynyň baý görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Alyjylara nusgawy we döwrebap usullarda taýýarlanan, dürli ululykdaky we nyrhlary boýunça tapawutlanýan haly önümleri hödürlenýär. Tejribeli satyjy-geňeşçiler müşderileriň gyzyklanmalaryny we isleglerini, şeýle hem otagyň içki stil aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, dogry halyny saýlamaga kömek ederler.

«NurAý» hödürlenýän önümleriň ýokary hili, aýratyn çemeleşme we amatly şertler bilen tapawutlanýar. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna dükan müşderileri üçin ähli ýüpek halylarda we haly suratlarda 5-den 30% çenli arzanladyş yglan edýär.

Özüňizi we ýakynlaryňyzy owadan haly önümleri bilen begendirmek üçin şu salgyda ýerleşýän dükana ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, «Bagtyýarlyk» SDAM, 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 62) 96 66 67, (+993 62) 04 63 17, (+993 65) 05 89 24.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň