Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna ak pata berdi

22:2924.12.2022
0
39948

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap merkezinde — Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Taslamalar barada Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow degişli maglumatlary berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde Arkadag şäherini gurmagyň ikinji tapgyrynda ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, aýratyn-da, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda 2 gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, statistika hasabatlaryny sanly ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiliginiň, elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň merkezleriniň şekil taslamalary bar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi — Arkadag şäherini gurmagyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna başlamaga ak pata berip, bu işde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy. Şunda ýaşlaryň, aýratyn-da, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarydyr talyplarynyň täzeçil pikirleriniň we teklipleriniň işjeň peýdalanylmalydygy bellenildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berendigi üçin bu ýerde işleýän ähli gurluşykçylaryň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdiler.

Soňra bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda-da Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry boýunça gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen bagly meselelere garaldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň