Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana ähli uçuşlary üçin manatda onlaýn petek satuwyna başlady

12:3624.12.2022
0
62886

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana öz uçuşlary üçin awiopetekleriň onlaýn satuwyna gaýtadan başlady.

Habarda: «Gadyrly ýolagçylar! Moskwa — Türkmenbaşy we Kazan — Türkmenabat uçuşlary üçin awiopetekleriň onlaýn satuwynyň gaýtadan başlandygyny habar berýäris» diýilýär.

2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçar petekleriniň bahasy 4876 manat (2022-nji ýylyň 24-nji dekabry ýagdaýyna), Kazandan Türkmenabat şäherine 4823 manat 30 teňňe bolar. 2023-nji ýylyň ýanwarynda petekler 30% gymmat satylar.

Awiopetekleri «Altyn asyr» bank kartlaryny ulanyp, www.turkmenistanairlines.tm web sahypasynda satyn alyp bilersiňiz.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertipde Moskwadan (DME) Türkmenbaşy (KRW) we Kazandan (KZN) Türkmenabat (CRZ) şäherlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

Moskwa — Türkmenbaşy

  • «T5704» — çarşenbe güni 00:15-de ugraýar, 05:35-de gelýär
  • «T5710» — anna güni sagat 10:35-de ugraýar, 15:55-de gelýär

Kazan — Türkmenabat

  • «T5736» — duşenbe güni 00:35-de ugraýar, 06:05-de gelýär
  • «T5738» — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar, 16:30 gelýär

Ozal bu ugurlar boýunça awiopetekleri diňe Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentliginden rus rubllarynda satyn alyp bolýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň