Soňky habarlar

Arhiw

Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin petek satuwyna başlady

20:2122.12.2022
2
47181

Russiýadaky «Türkmenistan» howa ýollarynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Moskwa — Türkmenbaşy we Kazan — Türkmenabat uçuşlary üçin awiapetekleriň satuwyny açdy.

Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Türkmenbaşy şäherine awiapetekleriň bahasy 28,439 rubl (2022-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky ýagdaýy), Kazandan Türkmenabat şäherine 27,389 rubl bolar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

Moskwa - Türkmenbaşy

  • «T5704» — çarşenbe güni 00:15-de ugraýar, 05:35-de gelýär
  • «T5710» — anna güni sagat 10:35-de ugraýar, 15:55-de gelýär

Kazan — Türkmenabat

  • «T5736» — duşenbe güni 00:35-de ugraýar, 06:05-de gelýär
  • «T5738» — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar, 16:30 gelýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin awiapetekleri Russiýa Federasiýasyndaky baş agentligiň resmi web sahypasyndan, şeýle hem avia@itmgroup.ru elektron poçta salgysyndan we agentligiň aşakdaky salgylardaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz:

  • RF, Sankt-Peterburg

Sankt-Peterburg, pl. Aleksandr Newskiý, 2 lit E, «Moskwa» myhmanhanasynyň binasy, 3-nji girelge, 1-nji gat;

+7931222-12-66 ; avialed.ticketing@gmail.com

Duşenbe — anna (10:00-dan 19:00-a çenli)

  • Russiýa Federasiýasy, Moskwa sebiti

Domodedowo howa menzili, halkara gidiş zaly, 49-njy kassasy;

+79032432250 ; aviastar2012@mail.ru

Her gün (10:00-dan 19:00-a çenli)

  • RF, Kazan

Tatarstan, Kazan, Kozýa Sloboda, köç. Dekabristow, 85B jaý, SM «Relita», ikinji gat, otag 210M;

+78435005531

Duşenbe — anna (09:00 — 18:00)

Ýolagçylar gyzyklanýan ähli maglumatlary boýunça Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi — «IT-EM Sever» kompaniýasy bilen aşakdaky salgylar boýunça habarlaşyp bilerler:

+78124599899 ; avia@itmgroup.ru

Her gün (10:00-dan 19:00-a çenli)

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň