«Altyn Ýunus» Täze ýyl sowgatlary üçin konditer önümlerini hödürleýär

10:0622.12.2022
0
42692

Täze ýyl dabarasynda ähli adamlar, aýratyn-da çagalar baýramçylyk sowgatlaryna garaşýarlar. Edil häzirki günlerde Türkmenistanyň dükanlarynyň we söwda merkezleriniň tekjelerinde konditer önümlerinden taýýarlanan sowgatlyk toplumlarynyň giň görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Bu hili taýýar sowgatlaryň kemçilik edýän tarapy olarda eýýäm bar bolan süýjülikler bilen oňmaly bolýar, onsoňam, kärhanalaryň taýýarlaýan sowgatlarynda şokolad az bolup, karamel süýjüleri köp bolýar.

Bu babatda «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy süýjülerden ybarat bolan sowgat toplumlaryny öz islegiňe laýyklykda ýygnamak mümkinçiligini hödürleýär. Täze ýyl baýramçylyk dabaralarynyň öňüsyrasynda kärhana şokolad batonjyklarynyň we beýleki konditer önümleriniň ýörite Täze ýyl tapgyryny öndürdi.

Kärhananyň öndürýän bu hili haryt görnüşleriniň hatarynda huruşly süýjüler, karameller, maňyzlar, kokos bölejikleri, şokolad örtükli wafliler bar. Aýratyn-da, çagalary içi sowgatjykly şokolad ýumurtgalar, horazsüýjüler, Aýazbaba, Garpamyk hem-de 2023-nji ýylyň tumary bolan eýjejik towşanjyk şekilli şokoladlar has begendirýär.

Täze ýyla sowgat taýýarlamak üçin bolsa dürli hili tagamlary özünde jemleýän waflili we köp gatly süýjüler örän laýykdyr. «Ýunus» haryt nyşanly önümlerden «Çempion», «Sowgat», «Bäşlik»,

«Bilýard», «Atom» we beýleki süýjüleri bellemek bolar.

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň ähli haryt görnüşleri bilen yunus.com.tm resmi saýtyndan we sosial media ulgamyndaky hasabyndan tanyşmak bolýar.

Kärhananyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 172-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň