Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Ýunus» HK dürli huruşly şokolad batonjyklaryny öndürýär

11:4013.12.2022
0
27657

Azyk önümlerini öndürýän «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy türkmen alyjylaryna dürli huruşly şokolad batonjyklaryny hödürleýär.

Şu ýyldan başlap, «Altyn Ýunusyň» önümleriniň görnüşleri nogul, karamel, arahis, kokos gyryndysy huruşly şokolad batonjyklary bilen, şeýle hem şokolad örtükli wafliler bilen artdyryldy. «Altyn Ýunusda» şokolad önümleri öndürilende özüniň şokolad kärhanalary bilen meşhurlyk gazanan Belgiýanyň usullary we tehnologiýalary peýdalanylýar.

«Altyn Ýunusyň» batonjyklary «Tower», «Springa», «Broly», «Baffer», «Hozzy», «Bruno», «Coco San», «Sunday» atlary bilen öndürilýär. «Altyn Ýunus» haryt nyşanly ýokary hilli we amatly bahadan şokoladlara Türkmenistanyň çägindäki islendik dükanda we supermarketde duş gelmek bolýar.

«Altyn Ýunus» kompaniýasynyň önümleri barada has anyk maglumat almak üçin (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17 telefon belgilerine jaň etmek ýa-da sosial ulgamdaky sahypasyna ýazmak maslahat berilýär. Kompaniýanyň merkezi ofisiniň salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 172-nji jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň