Ahalyň täze merkezindäki binalara meşhur şahsyýetleriň atlary dakyldy

22:1921.12.2022
0
35421

Türkmenistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny, Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, şeýle-de «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Kararda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki:

  • Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýip atlandyrmalydygy;
  • Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrüň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmalydygy;
  • Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmalydygy;
  • Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmalydygy;
  • Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmalydygy;
  • Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmalydygy;
  • Welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy» diýip atlandyrmalydygy;
  • Drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrmalydygy;
  • Ýörite sungat mekdebine beýik sungat ussady, halypa bagşy, mukamçy-kompozitor, Ahal bagşyçylyk ýoluny esaslandyryjylaryň biri, Türkmenistanyň halk bagşysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýip atlandyrmalydygy;
  • Çagalar sungat mekdebine türkmen halkynyň ussat sazandasy, milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň adyny dakmalydygy we mundan beýläk ony «Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi» diýip atlandyrmalydygy bellenilýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň