Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw toparyny döredýär

19:2916.12.2022
0
21173
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw toparyny döredýär
Surat: customs.gov.tm

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek hakynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Gol çekişlik dabarasy Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň çäklerinde geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdiler.

Bilelikdäki Konsultatiw toparynyň işi, hususan-da, Taraplaryň döwletleriniň arasynda geçirilýän harytlar babatynda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, özara maglumat alşylmagyna, gümrük gözegçiliginiň kämil usullaryndan peýdalanmak üçin çäreleriň görülmegine hem-de gümrük hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdiriler.

«Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we gümrük işi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň we özara ýardam bermegiň ýurduň ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini göz öňünde tutup, diňe şu ýylyň özünde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan gümrük hyzmatdaşlygy bilen bagly birnäçe döwletleriň gümrük edaralary bilen eýýäm sekiz sany halkara resminamalar baglaşyldy — diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň