Awazada türkmen sungat we senetçilik eserleriniň sergisi guraldy

10:5615.12.2022
0
21743

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda giň gerimli sergi guraldy. Oňa hormatly myhmanlar — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary-da baryp gördüler.

Giň gerimli gözden geçirilişde amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de zehinli türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan, dünýä gymmatlyklary hasaplanylýan nepis halylar görkezildi. Dürli reňkli matalar, inçelik bilen döredilen nagyşdyr keşdeler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu çärä baýramçylyk öwüşginini berdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, sergide görkezilen gymmatlyklaryň hatarynda arassa ýüňden dokalan hem-de her inedördül metrinde 1 million 355 müň çitim bolan täsin haly gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Ýüpek halylar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Serginiň hormatly myhmanlary görkezilýän işler bilen höwesli tanyşdylar. Şol işlerde türkmenistanlylaryň durmuş ýörelgeleri, gündelik işleri hem-de bagtyýar durmuşy öz aýdyň beýanyny tapdy.

Soňra myhmanlar häzirki zaman biçüwindäki milli lybaslar bilen tanyşdylar. Lybaslaryň täze toplumlarynyň görkezilişine gatnaşýan gyzlaryň biriniň hem-de bu ulgamda işleýän ýigidiň şol gün toý tutýandyklary buýsançly ýagdaý boldy. Ýaş çatynjalaryň bagt toýunyň bu şanly waka bilen gabat gelmegi olar üçin goşa baýramçylyga öwrüldi.

Myhmanlar gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklaryň we asylly däp-dessurlaryň ähmiýetini bellediler.

Ýeri gelende, türkmen halkynyň milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň