Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Guramanyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edildi diýip, «MIR 24» habar berýär.
«Keşdeçilik sungaty Türkmenistanyň iň meşhur halk senetlerinden biridir. Bärde bu senediň gadymy däbi nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Keşde üçin ýüň, ýüpek, altyn, kümüş, merjen, reňkli daşlar, teňňeler we hatda merjen daşy hem ulanylýar. Şol bir wagtyň özünde, ähli iş diýen ýaly iňňe bilen edilýär» diýip, çeşme belleýär.
Ozal mejlisiň işine 2003-nji ýyldaky maddy däl medeni mirasy goramak konwensiýasy gatnaşýan döwletleriň, döwlete degişli däl guramalaryň, medeni guramalaryň we dünýäniň beýleki gyzyklanýan taraplarynyň wekilleriniň gatnaşýandygy habar berlipdi.