TÝL ― 2022: «Ahal» bilen «Köpetdag» deňme-deň oýnady

22:3814.12.2022
0
22520

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Ahal» «Köpetdag» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ilkinji goly 33-nji minutda «Ahalyň» goragçysy Şöhrat Söýünow öz derwezesine geçirdi. «Ahal» 51-nji minutda Selim Nurmyradowyň geçiren goly bilen hasaby deňledi.

Şeýlelikde, Mergen Orazowyň şägirtleri 26-njy duşuşygynda 70-nji utugyny gazandy.

«Ahalyň» eýäm 25-nji tapgyrdan soň çempionlygyny yglan edendigini ýatladýarys. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary şu möwsümde ýeňilmedik ýeke-täk topardyr. Çempionat ýene-de iki tapgyrdan tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň