Arhiw

Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

08:1212.12.2022
0
16015
Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Surat: sambo.sport

Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Roberto Ferrarisden Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat geldi. Onuň mazmuny «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda beýan edilýär. Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Prezident Serdar Berdimuhamedowy türkmen samboçylarynyň gazanan üstünlikleri bilen gutlaýar.

— Halkara sambo federasiýasy (FIAS) Türkmenistanyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň şu ýylyň 11 — 13-nji noýabry aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edendigi bilen Sizi gutlaýar. Dünýäniň 50 ýurdundan iň gowy samboçylaryň gatnaşan ýaryşlarynda Türkmenistanyň türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular.

Biziň federasiýamyz türkmen samboçylarynyň şeýle üstünliginiň Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň bilelikde yzygiderli geçiren işleriniň netijesinde mümkin bolandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, sambo sportuny hemişe goldaýandygyňyz, şeýle hem ýurduňyzyň halkara derejede gazanýan uly sport üstünliklerine goşýan goşandyňyz, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň işine üns berýändigiňiz üçin Size hoşallygymyzy beýan edýäris.

Şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze, ajaýyp netijeleri gazanmagyň bähbidine ösdüriljekdigine umyt edýäris.

Size hem-de Milli olimpiýa komitetine üstünlikleri, täze ýeňişleri hem-de medallary arzuw edýäris — diýip, Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Roberto Ferraris hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň