Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýa ýaşy kesgitlemegiň halkara ulgamyna geçer

11:5510.12.2022
0
18249

Häzirki döwürde Günorta Koreýada ýaşy kesgitlemegiň birbada üç ulgamy ulanylýar, bu durmuş, lukmançylyk we edara hyzmatlarynyň edilmeginde bulam-bujarlyk döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Milli assambleýasy ähli ýuridiki hem-de edara meselelerinde ýaşy kesgitlemegiň halkara ulgamyna geçmek barada kanun taslamasyny kabul etdi diýip, «Informburo.kz» habarlar gullugy ýazýar.

Üýtgeşmeler 2023-nji ýylyň iýunynda güýje girer.

Häzirki wagtda Günorta Koreýada iň köp ýaýran ýaş kesgitleýiş ulgamyna görä, adam dünýä inen dessine onuň bir ýaşy doldy diýlip hasaplanylýar, soňra her täze ýylyň birinji gününde onuň ýaşyna bir ýyl goşulýar. Ikinji ulanylýan ulgam halkara derejeli bolup, oňa laýyklykda adamyň ýaşy onuň doglan gününden hasaplanyp başlanýar, üçünji ulgam bolsa, adamyň ýaşyna her ýylyň birinji gününde bir ýyl goşulýar.

Ýurduň raýatlary bu üç ulgamyň özlerine sosial, lukmançylyk we edara hyzmatlarynyň edilişinde bulam-bujarlyk döredýändiginden nägileliklerini az aýmandyrlar. Şeýle ýagdaý öz gezeginde gerekmejek sosial çykdajylara getirýär diýip, olar nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň