Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 308 tussagyň günäsi geçildi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň awiapetekleriniň bahasyny arzanlatdy, Türkmenistandan 18 tonna pomidor Russiýa iberildi we beýleki habarlar

10:2510.12.2022
0
47440

1. Türkmenistanyňй Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda iş kesilen 308 adamyň günäsi geçildi. Türkmenistanyň Prezidenti hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylyaryndan günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasyny arzanlatdy. Indi halkara gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasy 2,5 göterim arzanladyldy. Häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaý, Kazan, Moskwa, Stambul we Frankfurt ugurlary boýunça uçuşlar amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

4. Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk sebitine Türkmenistanda 18 tonna pomidor eksport edildi. «Rosselhoznadzoryň» Nowosibirsk sebiti boýunça hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň uly tapgyry gözegçilik barlagyndan geçirildi. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýetişdirilen pomidorlary Russiýa Federasiýasynyň çäginde mundan beýläk hem satmaga rugsat berilýär.

5. Türkmenistanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle-de «Türkmenhowa» ýollary agentliginiň işgärleri wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirendikleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, azatlykdan mahrum edildi. Şunuň bilen baglylykda, korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan parahor jenaýatkärlere kanun esasda berk çäre görüljekdigi bellenildi.

6. Ýakyn geljekde Russiýanyň «Russiýademirýollary» kompaniýasynyň Türkmenistanda we Russiýada «Türkmendemirýollar» agentiginiň wekilhanalaryny açmak meýilleşdirilýär.
Bu barada «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen «Russiýademirýollaryyň» (ОАО «РЖД») baş müdiri Oleg Belozýorow tarapyndan gol çekilen 2023 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek Maksatnamasynda kesgitlendi.

7. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda «Aşgabatda» Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň täze filmleriniň üçüsi tomaşaçylara görkezildi. Täze filmleriň hatarynda Wepa Işangulyýewiň režissorlygynda «Uly baýragyň gymmaty», Zülfiýa Kadyrowanyň režissýorlygynda «Ynsan syrdaşy», Isgendermuhammet Annamuhammedowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Bakyş» ýaly filmler bar.

8. Özbegistanyň Namangan welaýatynyň Döwletabat etrabynda täze dokma kärhanasy işe girizildi. Dokma toplumy Özbegistanyň «Fazman tekstil» kärhanasy bilen Germaniýanyň meşhur «Hugo Boss» haryt nyşanly egin-eşikler brendi bilen bilelikde açyldy. Taslamanyň bahasy 40 million amerikan dollaryna barabardyr. Häzirki wagtda kärhananyň birinji tapgyry işe goýberilip, onda 1500 adam zähmet çekýär. Geljekde önümçiligiň artmagy bilen iş orunlarynyň sanyny üç müňe çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

9. Horwatiýa 2023-nji ýylda Şengen zolagynyň bir bölegine öwrüler. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Horwatiýa we beýleki Şengen ýurtlarynyň raýatlarynyň içerki gury ýer we deňiz serhedindäki barlagy ýatyrylar. Içerki howa serhetlerindäki barlaglar 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan başlap ýatyrylar. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Horwatiýa hem Şengen wizasyny berip başlar. Türkmenistanyň raýatlary Horwatiýanyň Türkiýedäki ilçihanasynda (Ankara şäheri) Horwat wizasy üçin ýüz tutup bilerler.

10. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde oglan-gyzlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi. Köpugurly sport toplumynyň meýdançalarynda we tennis kortlarynda tennisçi türgenleriň, woleýbolçylaryň (6х6) hem-de futbol toparlarynyň (5х5) arasynda duşuşyklar geçirildi. Ýaryşlaryň çäklerinde küştçüler hem özara güýç synanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň