Olimpiýa şäherjiginde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçiriler

10:1209.12.2022
0
25926

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde 9-njy dekabrda sagat 9:00-da Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan ýaryşlara badalga berler. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýty habar berdi.

Köpugurly sport toplumynyň meýdançalarynda we tennis kortlarynda tennisçi türgenleriň, woleýbolçylaryň (6х6) hem-de futbol toparlarynyň (5х5) arasynda duşuşyklar geçiriler. Ýaryşlaryň çäklerinde küştçüler hem özara güýç synanyşarlar.

Ähli ýaryşlaryň birinji tapgyry sagat 10:00-dan 13:00-a çenli geçiriler, gysga arakesmeden soň bolsa ýaryşlar dowam eder.

Şol günde hem ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň