Soňky habarlar

Arhiw

«Lebapgazçykaryş» müdirligi iki aýdan bäri meýilnamadan artyk gaz çykarýar

21:3609.12.2022
0
20834

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde indi iki aýdan gowrak wagtdan bäri ýyllyk meýilnama goşmaça tebigy gaz öndürilýär. Bu barada «Jeyhun.news» habar berdi.

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe tebigy gazyň 11 milliard kub metri gazylyp alyndy we on bir aýyň meýilnamasy 125,5 göterim berjaý edildi.

«Mawy ýangyjyň» ep-esli bölegi Kükürtli liniýa önümçilik böleginde öndürildi. Öndürilen önümiň 6 milliard 750,4 million kub metrden gowragy Malaý ― Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça akdyryldy.

Bu harytlyk önümiň esasy bölegi baglaşylan döwletara şertnamasyna laýyklykda alysdaky dostana Hytaý döwletine ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň