Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda «Hugo Boss» nyşanly egin-eşikler öndüriler

14:5209.12.2022
0
37841
Özbegistanda «Hugo Boss» nyşanly egin-eşikler öndüriler
Surat: ru.wikipedia.org

Özbegistanyň Namangan welaýatynyň Döwletabat etrabynda dokma fabrigi işe girizildi. Kärhanany Germaniýanyň meşhur «Hugo Boss» egin-eşikler brendi ýerli «Fazman tekstil» kompaniýasy bilelikde açdy diýip, «Kapital.kz» saýty habar berýär.

Fabrikde «Hugo Boss» brendiniň astynda penjek-balak, şeýle hem erkek, zenan we çaga eşikleri öndüriler. Taslama 40 million dollar bahalanýar, işe goýberilenden soňra onuň doly kuwwatlylygynda işlemegi üçin 3 müň iş orny dörediler. Häzirki wagtda kärhananyň birinji tapgyry işe goýberilip, 1500 iş orny döredildi.

Germaniýadan we Türkiýeden satyn alnan häzirki zaman enjamlary oturdylan kärhanada her ýyl taýýar önümleriniň 1 million sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär, şunda eksportyň ýyllyk möçberi 15 million dollara deň bolar.

2022-nji ýylyň 10 aýynda özbek dokma önümleriniň eksporty 2,6 milliard dollara deň bolup, 10,7 göterim ösüş gazanyldy. Dokma önümleriniň eksportynyň düzüminde esasy orny nah-mata ýüplügi (46,6 göterim) eýeleýär, şeýle hem ýurt taýýar dokma we tikin önümleriniň 27,6 göterimini eksporta iberýär. 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan taýýar dokma önümleriniň 532 görnüşini dünýäniň 69 ýurduna eksporta iberdi. Önümleri esasy satyn alyjylar Russiýa hem-de Türkiýe bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň