Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilermenler Täze ýyl arçasyny öý haýwanlaryndan goramak barada maslahat berýärler

10:0409.12.2022
0
16908
Bilermenler Täze ýyl arçasyny öý haýwanlaryndan goramak barada maslahat berýärler
Surat: unsplash.com

Täze ýyl arçasy özüniň ýaldyrawuk yşyklary bilen diňe bir çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň däl, eýsem, öý haýwanlarynyň hem ünsüni aýratyn özüne çekýär. Ol esasan-da pişikleriň nazaryna düşmek bilen, olaryň ýykmak howpuna sezewar bolýar, sebäbi arçada bezelen oýunjaklar öý haýwanynyň has-da ünsüni çekýär. Bezemen arçany öý haýwanlaryndan goramakda nähili çemeleşmelidigi babatda «MIR 24» degerli maslahatlary berýär.

1. Arçanyň töweregine ýere ikitaraplaýyn ýelmeşýän lentany ýa-da şykyrdap ses edýän materialy ýelmemek. Pişiklerem edil itler ýaly ýelmeşýän hem-de şykyrdaýan zadyň üstünde ýöremegi halamaýarlar;

Surat: ru.freepik.com

2. Täze ýyl arçaasynyň töweregine güýçli ysly, has gowusy sitrusyň tagamyny ýetirýän suwuklygy sepiň. Esasanam pişikler bu ysy halamaýarlar. Şeýle hem, Täze ýyl agajynyň töweregine apelsin, limon ýa-da greýpfrut miweleriniň gabygyny ýaýratmak bolar, olardan dürli şekilleri hem ýasamak ýerlikli bolar;

3. Bezelen arçanyň daşynda dürli hili böwetleri goýup bolar: gözenekleri, haltajyklary we ş.m., olaryň aşagynda bolsa sowgatly gutulary ýerleşdirmek bolar;

4. Haýwanyň otaga giren mahaly arçany burçda ýerleşdirip, tutynyň aňyrsynda gizlemek. Pişik arçany görüp durmasa oňa ünsem berip durmaz;

5. Original dizaýny halaýanlar üçin oňaýly usul: Arçany ýokarysyndan potologa diräp asyp goýmak. Beýle usul eger arça uzyn hem-de ýeňil bolsa göwnejaýdyr;

6. Eger arçanyň boýy kiçi bolsa, onda ony stoluň ýa-da şkafyň üstünde hem ýerleşdirip bolar;

7. ň ýeňil usul: Eger öý eýeleriniň öýde bolmadyk mahaly arçanbyň bezelen otagynyň gapysyny ýapyp goýmak;

8. «Alternatiw» arçany dikip bilersiňiz: Diwara arça şahalaryny ýerleşdirmek bilen, oňa gülleri we oýnawaçlary asyp bilersiňiz;

Eger öý haýwany bezelip goýlan arça has aýratyn üns berip, oňa ýakyn baryp duran bolsa, onda öý eýesine bu ýagdaýa örän seresaplyk bilen çemeleşmek zerurdyr. Sebäbi pişigiň ýa-da itjagazyň arçanyň haýsydyr bir bezegini ýuwutmagy mümkindir. Öý haýwanyny bu zatlardan çetde saklamaga çalyşmaly, çünki eger pişigiň bezeg çyralaryny bilmän ýuwudan ýagdaýynda ol jandaryň aşgazan gurluşyna örän zyýan ýetirip bilýändir. Bu bolsa bolup biljek ýagdaýdyr. Beýle halatda dessine weterinar lukmana ýüz tutmalydyr.

Surat: unsplash.com

Öýüňizde bu hili şertler bar bolsa, iň gowusy döwülmeýän oýunjaklary almaly. Döwülýän oýunjagy pişik arçanyň şahasyndan gaçyryp, ýaralanyp biler.

Öý haýwanynyň elektrik girlýandlara çolaşmazlygy üçin ony üns merkezinde saklamalydyr. Elektrik togunyň adama seredeniňde itlere we pişiklere pes täsir edýändigi baradaky jemgyýetçilik pikiri bolsa aslynda hakyky däldir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň