Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe ýakyn wagtda gaz merkezi boýunça «Ýol kartasyny» işläp düzer

17:0208.12.2022
0
19941
Türkiýe ýakyn wagtda gaz merkezi boýunça «Ýol kartasyny» işläp düzer
Surat: aa.com.tr

Türkiýäniň energetika edarasynyň başlygy Fatih Dönmez öz ýurdunyň ýakyn wagtda Ýewropa gaz merkeziniň «Ýol kartasyny» işläp düzmek boýunça işleri tamamlajakdygyny habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Dönmez merkeziň ýurduň Frakiýa ülkesinde boljakdygyny aýtdy, onuň döredilmegine bu gün dünýäniň köp ýurdy gyzyklanma bildirýär. Ministr şeýle hem tebigy gazyň ilki Türkiýä gelip gowuşjakdygyny, soňra Ýewropa ýurtlaryna eltiljekdigini düşündirdi.

Şeýle merkezi döretmek pikiri Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine degişlidir. Rus lideri bu başlangyjy türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen ylalaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň