Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýanyň Parlamenti täze Prezidenti saýlady

14:4108.12.2022
0
19171
Şweýsariýanyň Parlamenti täze Prezidenti saýlady
Surat: hispantv.com

Şweýsariýanyň Parlamenti çarşenbede ýurduň täze Prezidentini saýlady, ol Sosialistik partiýanyň agzasy Alen Berse diýip, TASS ýazýar.

Ses berlişik federal ýygnagyň saýtynda onlaýn görnüşde geçdi, Berse deputatlaryň we senatorlaryň 140-synyň goldawyny gazandy. Wezipä saýlanmak üçin sesleriň 91-si ýeterlikdir.

Şeýlelikde, Berne öňki Prezident Inýasio Kassisiň ýerine çalyşdy.

Ýeri gelende bellesek, Şweýsariýada Prezident Mejlisde ses berlişik arkaly saýlanýar. Kanunçylyga görä, ol öz wezipesinde bir ýyl işleýär. Şeýle hem onuň şweýsar raýatlygy bolmaly we Ministrler Kabinetinde araçynyň wezipesini ýerine ýetirmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň