Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň parlament wekilleri Milli Mejlisde kabul edildi

22:0307.12.2022
0
17367

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen gysga düzümdäki duşuşykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alşylmagyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda, şol sanda ýokary derejelerde syýasy gatnaşyklaryň ygtybarlylygyna taryhy kökleriň we ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşygy bolan doganlyk halklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk ýaly asylly däplerine kanagatlanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli parlamentiň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de dostlukly ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti bellenildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy şu ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk edýändigini belläp, şu derejede dürli ugurlarda gender deňligini üpjün etmek, parahat we durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak işinde tejribe alyşmak boýunça geçirilýän işlere, zenan telekeçileriň goldanylmagyna, kanunçylyk derejesinde we döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň kämilleşdirilmegine ünsi çekdi.

Duşuşykda Sahiba Gafarowa Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şu ýyl iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolandygyny belläp, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara düzümleriň çäklerinde hem azerbaýjan-türkmen parlamentara gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de iki ýurduň strategik taýdan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde parlamentara gatnaşyklaryň eýeleýän orny bellenildi.

Gysga düzümde geçirilen duşuşykdan soňra, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň