Soňky habarlar

Arhiw

Oksfordyň sözlügi ýylyň sözüni yglan etdi

16:2206.12.2022
0
23631
Oksfordyň sözlügi ýylyň sözüni yglan etdi
Surat: news.ru

Oksfordyň sözlügi ýylyň sözlügi hökmünde goblin mode («gobliniň kadasy») diýen sözi yglan etdi diýip, Oksford uniwersitetiniň neşirýatynyň metbugat gullugy habar berdi.

Sözlügiň maglumatlaryna görä, «gobliniň kadasy» aňlatmasy «öz islegiňe haý diýmezlige, ýaltalyga, sölütelige hem-de açgözlüge esaslanýan, adatça jemgyýetçilik kadalaryna we meýillerine boýun bolmazlyga gabat gelýän özüňi alyp baryş» diýmegi aňladýar.

Aňlatmanyň meşhurlygy pandemiýadan soňra kadaly durmuşa gaýdyp gelmek pikirini ret edýän ýa-da sosial ulgamlarda beýan edilýän ýetilgisiz durmuş obrazyna hem-de estetiki ülňülerine garşy çykýan adamlaryň ruhy ýagdaýyny aňladýar diýlip, habarda bellenýär.

Bu aňlatma ilkinji gezek sosial ulgamlarda 2009-njy ýylda ulanylypdyr, emma ol 2022-nji ýylyň fewralynda koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler wagtynda meşhur bolupdyr.

Ikinji orunda metaverse («meta-älem») sözi orun aldy. Bu adalga 2022-nji ýylda has meşhur bolupdyr. Üçünji orunda #IStandWith («Men goldaýaryn...») heştegi ýerleşdi. Sözlügiň bahasyna görä, bu internet aňlatmasy dünýädäki dowam edýän häzirki harby gapma-garşylyklar wagtynda has-da ýörgünli bolupdyr.

Oksfordyň sözlügi ýylyň sözüni ilkinji hezek onlaýn görnüşde geçirilen jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň netijeleri boýunça saýlady. Oňa 300 müňden gowrak adam gatnaşdy diýip, «News.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň