Maýn boýundaky Frankfurtyň (Germaniýa) howa menzili Aşgabat şäherine (Türkmenistan) uçuşlaryň tertibini resmi web sahypasynda çap etdi.
Frankfurt — Aşgabat howa ugry boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary 2-nji terminaldan çarşenbe we şenbe günleri uçuşlary amala aşyrýar.
«T5468» reýsi çarşenbe güni Maýn boýundaky Frankfurtdan 18:40-da ugraýar we penşenbe güni sagat 03:30-da Aşgabada gonýar.
Şenbe güni «T5464» reýsi Maýn boýundaky Frankfurtdan sagat 15:50-de uçup, ýekşenbe güni 02:05-de Aşgabat şäherine gonýar.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň awgust aýynda Germaniýa bilen yzygiderli gatnawlary dikeltdi. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan gaýdyp gelýän uçarlary Türkmenabat howa menziline gonýardy. 2022-nji ýylyň dekabryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Stambuldan, Dubaýdan we Maýn boýundaky Frankfurtdan gelýän halkara gatnawlary Aşgabat şäherine ugradylýar.