Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri bilen duşuşdy

22:0803.12.2022
0
28332
Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katarda saparda bolmagynyň çäklerinde Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Halifa» halkara stadionynyň ýokary derejeli myhmanlar üçin niýetlenen zalynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Kataryň Emiri Prezident Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Katara gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň subutnamasy hökmünde baha berýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Prezident Serdar Berdimuhamedow futbol boýunça 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň geçirilýän wagtynda Katara sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin, Kataryň Emirine minnetdarlyk bildirip, oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany dostlukly ýurtda ilkinji gezek geçirilýän halkara sport çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, onuň ýylyň iň iri sport çäreleriniň biri bolmak bilen, tutuş dünýädäki adamlaryň durmuşynda sportuň gymmatlyklaryny we ähmiýetini öňe ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

— Bu ýaryşyň Ýakyn Gündogar sebitinde, ilki bilen, Katarda geçirilmegi Siziň ýurduňyzyň sporty ösdürmäge goşýan goşandynyň ägirt uludygynyň aýdyň subutnamasydyr – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de dünýä çempionatyny ýokary derejede guramaçylykly we üstünlikli tamamlamagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan hem-de geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan iki ýurduň ykdysadyýetinde binýatlyk ugurlardyr.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada hem durup geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Kataryň emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani ykdysady we medeni gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iki ýurduň bähbidine peýdalanmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändigi üçin Kataryň emirine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Futbol boýunça dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirmegi arzuw etdi.

Iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň we Kataryň dostlukly halklaryna parahatçylyk, gülläp ösüş, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň