Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Stambuldan Aşgabat şäherine uçuşlar üçin petekleriň satuwyna başlady

13:2703.12.2022
0
42162

«Turkish Airlines» Stambuldan Aşgabat şäherine göni yzygiderli gatnawlar üçin petekleriň satuwyna başlady. Petekler häzirki wagtda awiakompaniýanyň web sahypasynda we kassalarda satylýar.

Uçuşlar 7-nji dekabrda başlar we hepdede iki gezek amala aşyrylar. Uçuşlar çarşenbe we şenbe günleri Stambuldan Aşgabat şäherine, penşenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Stambula bolar.

Uçarlar ýerli wagt bilen 21:10-da Stambuldan (IST) uçup, ertesi gün 02:55-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 03:45-de bolup,

Stambulda wagt tapawudyny hem göz öňünde tutup 05:55-de gonar.

Petekleriň bahalary 8149 türk lirasyndan başlaýar.

Turkish Airlines uçuşlaryna petekleri www.turkishairlines.com, iOS we Android programmalary we ähli satuw ofislerinde alyp bilersiňiz. Şeýle hem uçuşlar barada takyk maglumatlary we beýleki soraglar bilen awiakompaniýanyň aragatnaşyk merkezine jaň edip bilersiňiz: +902124636363.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň