Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

23:2702.12.2022
0
21488
Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli senenamanyň şanly seneleri mynasybetli dekabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çärelerine we dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, dürli medeni çäreleri, şol sanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralary geçirmegiň giň gerimli maksatnamasyny sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertler, sahna oýunlary, mowzuklaýyn sergiler we döredijilik duşuşyklary, mediaforumlardyr ylmy maslahatlar düzýär.

2022-nji ýylyň 10-njy dekabry — 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwary aralygynda Türkmenistanda Russiýanyň döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alar, soňra baýramçylyk dabaralary tutuş ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylar.

Estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şu aýyň möhüm wakalarynyň biri bolar.

31-nji dekabr güni Aşgabat şäherindäki we ýurduň welaýatlaryndaky baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertlerini, paýtagt bilen welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsini guramak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany baýramçylyk dabaralarynyň diňe bir paýtagt şäher Aşgabatda däl, eýsem, ýurduň welaýatlarynda-da köpöwüşginliligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydygyny, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, baýramçylyk çäreleriniň ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini we raýatlara, ilkinji nobatda bolsa çagalara şatlyk paýlamalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

***

Ozal habar berşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýurtda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny has-da üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýer B.Atdaýewe ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurduň özünde hem-de daşary ýurtlarda öndürilýän azyk we beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň