Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bitaraplyk we Täze ýyl baýramlary mynasybetli baýramçylyk söwdalaryny guramaga taýýarlyk görülýär

22:2925.11.2022
0
29877

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýurtda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny has-da üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurduň özünde we daşary ýurtlarda öndürilýän azyk we beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde hassahananyň durkunyň täzelenendigi hem-de Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanyp, ulanyşa girizmek üçin taýýardygy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitlerde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň esasy talapdygyny belläp, öňdebaryjy tejribäni ulanmak we sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly gurluşygyň hili bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň