Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Marokko öz taryhynda ikinji gezek mundialyň pleý-off tapgyryna çykdy

22:2601.12.2022
0
20091
DÇ-2022: Marokko öz taryhynda ikinji gezek mundialyň pleý-off tapgyryna çykdy
Surat: championat.com

Marokkonyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Kanadany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda gollaryň ählisi birinji ýarymda marokkoly oýunçylar tarapyndan uruldy. Hakim Ziýeş 4-nji minutda Marokkony hasapda öňe çykaran bolsa, Ýusuf En-Neseri 23-nji minutda aratapawudy 2 topa artdyrdy. Kanada 40-njy minutda Aguerdiň awtogoly bilen hasaby gysgaltmagy başardy, emma ikinji goly urup, ýeňlişden halas bolmak kanadaly oýunçylara eýgertmedi.

Şeýlelikde, Marokko 7 utuk bilen toparçada birinji orny eýeläp, 1/8 final tapgyrynda gatnaşmaga hukuk gazandy. Kanada bolsa hiç hili utuk gazanyp bilmändigi üçin iň soňky orunda ýerleşdi. Toparçada ikinji orun Horwatiýa (5 utuk), üçünji orun bolsa Belgiýa (4 utuk) nesip etdi.

Ýeri gelende bellesek, öz taryhynda ikinji gezek mundialyň pleý-off tapgyrynda gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolan Marokko XXI asyrda dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda birinji orny eýelän ilkinji Afrikanyň wekili hökmünde taryha girdi.

Marokko indiki tapgyrda «E» toparçasynda ikinji orny eýelän topar bilen güýç synanyşar. Horwatiýa bolsa şol toparçanyň lideri bilen çärýek finalyň ýollanmasy üçin göreş alyp barar.

«E» toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary şu gün 23:55-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň