Soňky habarlar

Arhiw

Hindi lukmanlary erkek kişiniň aşgazanyndan bir ýarym kilogram şaýy pul çykardy

13:4301.12.2022
0
20723
Hindi lukmanlary erkek kişiniň aşgazanyndan bir ýarym kilogram şaýy pul çykardy
Surat: stockpicturesforeveryone.com

Hindistanda lukmanlar 58 ýaşly erkek kişiniň aşgazanyndan agramy bir ýarym kilograma deň bolan şaýy pullary çykardylar, ol pullary Pikiň keseli bilen baglylykda ýuwdupdyr. Bu kesele ýolugan adam iýip bolmaýan zatlary iýmek islegini ýeňip geçmekden ejiz gelýär diýip, «The Hindu» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Surat: zeenews.india.com

Waka ýurduň Karnataka ştatynyň Bagalkot şäherinde boldy, erkek kişi birnäçe aýyň dowamynda bir, iki we bäş rupiýa hümmeti bolan şaýy pullary ýuwdup gelipdir. Ol aşgazanynda dörän ýiti agyry barada hossarlaryna aýdypdyr, ony hassahana äkidipdirler, lukmanlar onuň aşgazanyndan 187 sany şaýy pul çykarypdyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň