Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Awstraliýa 16 ýyllyk arakesmeden soň ýene pleý-off tapgyryna çykdy

22:2630.11.2022
0
22373
DÇ-2022: Awstraliýa 16 ýyllyk arakesmeden soň ýene pleý-off tapgyryna çykdy
Surat: AFP

DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Awstraliýanyň milli ýygyndysy Daniýany 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykdaky ýeke-täk gol 60-njy minutda Metýu Lekiniň adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, Awstraliýa bu ýeňiş arkaly utuklarynyň sanyny 6-a ýetirip «D» toparçasynda ikinji orny eýeledi. Toparçadaky üçünji tapgyryň beýleki oýnunda Tunisden 1:0 hasabynda asgyn gelen Fransiýa urlan we geçirdilen gollaryň aratapawudy sebäpli 6 utuk bilen birinji orunda galdy. Tunis 4 utuk bilen üçünji basgançakda ýerleşen bolsa, iň soňky ýer 1 utuk gazanan Daniýanyňky boldy.

Ýeri gelende bellesek, Awstraliýa 16 ýyldan soňra ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna ýollanma aldy. Bu ýurduň ýygyndysy soňky gezek 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen dünýä çempionatynda 1/8 finala çykyp, şol ýaryşyň çempiony bolan Italiýadan (0:1) ýeňlipdi.

Maglumat üçin, Awstraliýa 2006-njy ýyldan bäri Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň agzasy hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň