Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň energetika ministri Aşgabada sapar bilen geldi

15:4330.11.2022
0
23529

Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek maksady bilen, şu gün Aşgabat şäherine sapar bilen geldi.

Resmi eýran elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, Ali Akbar Mehrabian saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul ediler. Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary we energetika ulgamynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurdunyň arasynda energiýa alyş-çalşygynyň depginini artdyrmak, Türkmenistanyň elektrik toguny üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligi, energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, Harirud we Atrak derýalaryny gazmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Türkmenistanyň, Eýranyň we Owganystanyň arasynda Harirud derýasy babatynda üçtaraplaýyn şertnamany taýýarlamakda Aşgabat bilen Tähranyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň