Top.Mail.Ru

Koreý kompaniýalary Türkmenistanda bahasy 11 milliard dollardan gowrak taslamalary durmuşa geçirýär

13:0930.11.2022
0
28193

Koreý kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda bahasy ABŞ-nyň 11 milliard dollaryndan gowrak bolan 13-den gowrak taslama durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýa resmi saparynyň çäklerinde Seulda Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

— Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 13 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, iň iri «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Daewoo Engineering and Construction» koreý kompaniýalary türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz we himiýa senagaty hem-de ençeme beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýärler.

— Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we geljekde-de höweslendireris hem-de goldarys. Dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işlemek boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamagy hem-de konsultatiw hyzmat etmegi «LX International Corp.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan iri taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň