Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbede Prezident Emomali Rahmon barada kitap bilen tanyşdyryldy

12:5330.11.2022
0
15280
Duşenbede Prezident Emomali Rahmon barada kitap bilen tanyşdyryldy
Surat: tajsohtmon.tj

Täjigistanyň paýtagtynda ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon barada täze kitap bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Eser döwlet Baştutanynyň syýasy we döwlet işiniň 30 ýyllygyna bagyşlandy diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Bu kitapda Respublikada milli bitewüligiň hem-de parahatçylygyň esasyny goýujy Emomali Rahmonyň ykdysadyýetde, syýasatda, halkara gatnaşyklarynda bitiren hyzmatlary barada gürrüň berilýär» diýip, akademik Karamatullo Olimow gürrüň berýär.

Kitap awtorlaryň 50-siniň bilelikdäki işidir, olaryň hatarynda Täjigistandan we daşary ýurtlardan bolan tanymal alymlardyr syýasatçylar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň