Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýänyň DIM-niň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň giňeldilmeginiň tarapdarydygyny aýtdy

09:4830.11.2022
0
11014
Türkiýänyň DIM-niň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň giňeldilmeginiň tarapdarydygyny aýtdy
Surat: 1tv.ge

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Ýewropa Bileleşiginiň serhetleriniň Balkan ýurtlaryndan Gruziýa çenli giňeldilmegini möhüm hasaplaýar. Ol şeýle pikiri düýn Buharestde geçen NATO harby bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda orta atdy diýip, TASS habar berýär.

«Ýewropa Bileleşigini giňeltmek barada täze prosese başlamak zerur. Ol Balkan ýurtlaryndan Gruziýa çenli aralygy öz içine almalydyr, Ukraina we Moldowa çenli ýetmelidir» diýen türk ministriniň sözüni TRT teleýaýlymy getirýär. Çawuşoglunyň pikiriçe, bu sebit Türkiýe gatnaşmasa, doly bahaly bolup bilmez.

DIM-niň başlygy Türkiýäniň harby bileleşikdäki hyzmatdaşlaryny milli howpsuzlyk, şol sanda terrorizm boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrdy we agza döwletleriň bu meselede Türkiýäniň tarapynda bolmalydygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň