Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar aýy üçin petek satuwyna başlady

17:3829.11.2022
0
35161

Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar aýy üçin Moskwa — Türkmenbaşy we Kazan — Türkmenabat gatnawlary boýunça petekleriň satuwyna başlady.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

Moskwa — Türkmenbaşy

  • «T5704» — çarşenbe güni 00:15-de ugraýar, 05:35-de gonýar.
  • «T5710» — anna güni sagat 10:35-de ugraýar, 15: 55-de gonýar.

Kazan — Türkmenabat

  • «T5736» — duşenbe güni 00:35-de ugraýar, 06:05-de gonýar.
  • «T5738» — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar, 16:30-da gonýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlary üçin petekleri Russiýa Federasiýasyndaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda, şeýle hem avia@itmgroup.ru e-poçta salgysyna we aşakdaky agentligiň satuw nokatlaryna arzany iberip bilersiňiz:

  • Russiýa Federasiýasy, Sankt-Peterburg
    Sankt-Peterburg, Aleksandr Newskiý, 2 lit E, «Moskwa» myhmanhanasynyň binasy, 3-nji girelge, 1-nji gat;
    +7931222-12-66
    avialed.ticketing@gmail.com
    Duşenbe — Anna (10:00-dan 19:00-a çenli)
  • Russiýa Federasiýasy, Moskwa sebiti
    Domodedowo howa menzili, halkara gidiş zaly, 49-njy kassasy;
    +79032432250
    aviastar2012@mail.ru
    Her gün (10:00-dan 19:00-a çenli)
  • Russiýa Federasiýasy, Kazan
    Tatarstan, Kazan, Kozýa Sloboda, köç. Dekabristow, 85B jaý, «Relita», ikinji gat, ofis 210M;
    +78435005531
    Duşenbe — Anna (09:00 — 18:00)

Ýolagçylar gyzyklanma bildirýän ähli maglumatlary boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentliginiň — «ITM Sewer» kompaniýasy bilen aşakdaky salgylar boýunça habarlaşyp bilerler:

  • +78124599899
    avia@itmgroup.ru
    Her gün (10:00-dan 19:00-a çenli)
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň