Soňky habarlar

Arhiw

Amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň esasy sözüni kesgitledi

15:4429.11.2022
0
16319
Amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň esasy sözüni kesgitledi
Surat: rappler.com

«Merriam-Webster» amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň baş sözi hökmünde «gazlaýtiň» (gaslighting) adalgasyny saýlady diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Adalga pidanyň özüniň daşky barlygy akylly-başly kabul edýändigine şübhelenmegine eltýän psihologik pirimi aňladýar.

Neşiriň saýtynyň ýazmagyna görä, 2022-nji ýylda gazlaýtiň barada internetdäki gözlegleriň sany 1740 göterim artypdyr, oňa ýylyň bütin dowamynda gyzyklanma peselmändir.

«Häzirki galp habarlaryň — feýk täzelikleriň, dildüwşük teoriýalarynyň, trollaryň we dipfeýkleriň çalt ýaýran asyrynda gazlaýtiň iň ýörgünli söze öwrüldi» diýlip, sözlügiň saýtynda bellenýär.

Sözlügi düzüjiler bu düşünjäniň 1938-nji ýylda döredilen sahna eseriniň we onuň esasynda surata düşürilen filmiň adyndan gelip çykýandygyny belleýärler. Ýorduma görä, erkek kişi öz aýalyny akylyndan azaşandygyna ynandyrmakçy bolýar. Erkek kişiniň hilesi bilen gaz arkaly yşyklandyrylýan öýüniň çyrasy öçügsilenýär, emma ol aýalyny bu ýagdaýyň hakykatda onuň göwnünedigini ynandyrýar.

Sözlük bu adalgany «adamy öz pikirleriniň, daşky barlygy kabul edişiniň ýa-da ýatlamalarynyň dogrudygyna şübhelendirmek üçin edilýän hile hökmünde düşündirýär, netijede, ol adam akylynyň ýerindedigine, öz-özüne bolan ynamyny ýitirýär we günäkär adama garaşly bolup galýar» diýip, düşündirýär.

Saýtda beýan edilişine görä, soňky ýyllarda gazlaýtiň «kimdir birini şahsy bähbidiň üçin gödek azaşma sezewar etmek» diýen manyda hem ulanylyp başlapdyr, bu adalga şunda «ýalan» (lying) we «kezzaplyk» (fraud) diýen adalgalaryň gibridine öwrülipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň