Soňky habarlar

Arhiw

Parižde jemgyýetçilik ulaglarynda ýol puly gymmatlaýar

10:4429.11.2022
0
11746
Parižde jemgyýetçilik ulaglarynda ýol puly gymmatlaýar
Surat: insider.com

Parižde we onuň Il-de-Frans paýtagt sebitinde jemgyýetçilik ulaglarynda ýol pulunyň nyrhy geljek 2023-nji ýylyň başyndan 20 göterim gymmatlar diýip, BFMTV teleýaýlymy habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

«2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, bir gezeklik ýol puly 2,30 ýewro deň bolar, bu petegiň nyrhynyň 21 göterim gymmatlajakdygyny aňladýar» diýip, Il-de-Frans sebitiniň resmi jemgyýetçilik ulagy edarasynyň (IDFM) habarynda aýdylýar.

Häzirki wagtda metroda we ýerüsti ulaglarda bir gezeklik ýol puly 1,90 ýewro deňdir, şeýle-de Parižiň metrosynda bir aýlyk gatnaw abunasynyň nyrhy 75 ýewro bolanlygyndan 90 ýewro çenli gymmatlar.

Bu çäreler ýerli ulag operatoryna bir ýylda goşmaça 440 million ýewro girdeji almaga mümkinçilik berer, edara öz gezeginde alnan serişdeleri işgärleriň aýlyk haklaryny 5 göterim ýokarlandyrmaga sarp etmekçi bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň