Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Olga Lýubimowa: «Sazyň dili dünýä halklaryny döredijilik giňişliginde birleşdirýär»

17:5128.11.2022
0
19393

Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa Aşgabatda geçirilýän «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara forumyň çäginde geçirilen maslahata gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly öz gutlagy bilen ýüzlendi.

Hususan-da Olga Lýubimwa öz gutlagynda şeýle belledi: «Sazyň diline terjime gerek däl. Sazyň dili ägirt uly ruhlandyryjy güýje eýe bolup, milli medeni mirasyň köpdürlüligini hem-de täsinligini beýan edýär we dünýä halklaryny döredijilik giňişliginde birleşdirýär».

Mundan başga-da Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysy şu gezekki halkara forumyň ruhy mirasy gorap saklamakda, bilimleri baýlaşdyrmakda, hünär derejesinde gatnaşyklary ösdürmekde we tejribe alyşmakda ähmiýetini nygtap, hemmelere çäreleriň üstünlikli geçirilmegini, gyzykly çykyşlary, sungat bilen söhbetdeşlikden lezzet almagy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň