Soňky habarlar

Arhiw

«Aňsat düşmez». Bilermenler 2023-nji ýyl barada ýaramaz çaklama aýtdylar

14:2628.11.2022
0
15065
«Aňsat düşmez». Bilermenler 2023-nji ýyl barada ýaramaz çaklama aýtdylar
Surat: news.sky.com

Soňky iki ýyl dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmady: 2021-nji ýylda adamzat pandemiýa garşy göreşmeli boldy, 2022-nji ýylda görülmedik hümmetsizlenme bilen çaknyşdy. Golaýlap gelýän 2023-nji ýyl barada aýdanda-da ondan haýsydyr bir gudrata garaşmasa bolar: bilermenler geljek ýylda ykdysadyýetiň ählumumy pese gaçyşlygyny, «ýaşyl» energetika maýa goýumlarynyň peselmegini hem-de iş düşewüntliliginiň bozulmagyny görýärler diýip, «Yeni Şafak» gazetiniň synçysy Ýaşar Sünni ýazýar diýip, «1prime» neşiri habar berdi.

Bilermen: «2022-nji ýylyň üçünji çärýegine gadam basylan döwürde ykdysady sarsgynlardyr geosyýasy dartgynlylyk özüni has-da ýiti bildirýär, bu bolsa geljek 2023-nji ýyl babatda-da oňyn bolmadyk çaklamalary aýtmak üçin esas döredýär» diýdi.

«The Economist» žurnalynyň seljerijiler topary hem «Senagatyň geljegi—2023» atly nutukda awtoulag gurluşygy, sarp ediş harytlary, energetika, maliýe, saglygy goraýyş, tehnologiýalar, jahankeşdelik pudaklary babatda çaklamalary beýan etdi. Nutukda geljek ýyl gaýtadan dikeldilýän çeşmelere islegiň 11 göterim artjakdygy, emma ählumumy ykdysady ösüşiň peseljekdigi nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň