Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Argentina Meksikanyň üstünden ynamly ýeňiş gazandy

11:0027.11.2022
0
15156
DÇ-2022: Argentina Meksikanyň üstünden ynamly ýeňiş gazandy
Surat: Sky Sports

DÇ-2022-niň 26-njy noýabrdaky oýunlaryny Argentina — Meksika duşuşygy jemledi. Birinji tapgyrda garaşylmadyk ýagdaýda Saud Arabystanyndan ýeňlen Argentina Meksika bilen oýunda beýle ýalňyşlyga ýol bermedi. Has takygy, oýnuň 64-nji minutynda Lionell Messi, 87-nji minutynda bolsa Enso Fernandes gol urup, Latyn Amerikasynyň wekiliniň ynamly hasapda ýeňiş gazanmagyna şert döretdiler.

Şeýlelikde, Argentina iki oýundan soň 3 utuk toplap, «C» toparçasynda ikinji orna göterildi. Bu kwartetde 4 utuk bilen Polşa liderlik edýär. Hasabynda 3 utugy bolan Saud Arabystany üçünji basgançakdan ýer alan bolsa, Meksika 1 utuk bilen iň soňky ýerde barýar.

Toparçada üçünji tapgyryň oýunlary 30-njy noýabrda 23:45-de başlanar. Indiki tapgyrda Saud Arabystany Meksika bilen, Argentina bolsa Polşa bilen pleý-off ýollanmasy üçin göreş alyp barar.

Düýnki oýunlaryň netijeleri:

  • «D» topaça. Tunis – Аwstraliýa 0:1
  • «C» toparça. Polşa – Saud Arabystany 2:0
  • «D» toparça. Fransiýa – Daniýa 2:1
  • «C» toparça. Аrgentina – Meksika 2:0

Bu günki oýunlar:

  • «E» toparça. 15:00 Ýaponiýa – Kosta-Rika
  • «F» toparça. 18:00 Belgiýa – Marokko
  • «F» toparça. 21:00 Horwatiýa – Кanada
  • «E» toparça. 00:00 Ispaniýa – Germaniýa
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň