Daşkentde howanyň üýtgemegi we durnuklylyk boýunça ýokary derejeli Merkezi Aziýa dialogy geçiriler

09:2626.11.2022
0
18081
Daşkentde howanyň üýtgemegi we durnuklylyk boýunça ýokary derejeli Merkezi Aziýa dialogy geçiriler
Surat: roadsandkingdoms.com

2022-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Daşkentde «Global bilimlerden ýerli çözgütlere: Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy durnukly institutlar» mowzugy boýunça ýokary derejeli Merkezi Aziýa dialogy geçiriler.

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Uzgidrometiň goldamagynda başy başlanan bu çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Ýaşyl Merkezi Aziýa» maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we durnuklylyk» taslamasynyň çäklerinde Özbegistanda BMGÖM tarapyndan guralar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa üçin «Ýaşyl gün tertibi» Sebit maksatnamasy tassyklandy we sebitdäki iň möhüm ekologiýa meselelerini çözmek üçin BMG-niň giňişliginde howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we energiýa baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak hem-de sebitleýin ösüşi gazanmak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada beýannama berildi.

Bu çärä halkara guramalaryň, milli gözleg institutlarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we ekspertleriniň, raýat jemgyýeti guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň